Ýer görki — galla

9 Aprel 2021
1352

Halkymyz gallany uly iliň soltany, desterhanlaryň naýbaşy nygmaty hasaplamak bilen, ak ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly üns berýär. Bu gymmatly önümiň ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigi sebäpli hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gallaçylygy ileri tutup ösdürýär. Edilýän köptaraplaýyn tagallalaryň netijesinde Türkmenistan gallany eksport edýän ýurda öwrüldi. Şeýle düýpli özgerişlikler tutanýerli, maksada okgunly zähmet çekilmegi, pudagyň önümçilik-tehniki binýadynyň düýpli pugtalandyrylmagy, tohumçylykdan başlap, ekinlere ideg etmäge çenli zerur işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda ýola goýulmagy netijesinde mümkin boldy. Işlemäge, halal baýamaga döredilýän amatly şertlerden ruhlanýan welaýatymyzyň ussat gallaçylary tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzirki günlerde güýzlük bugdaýlara ideg etmegiň möhüm tapgyryny üstünlikli dowam etdirýärler.

— Ata-babalarymyz gallany ýeriň görki hasaplap, bu behişdi ekini ösdürip ýetişdirmegiň uly tejribesini toplapdyrlar. Oňa halkymyzyň arasynda ýörgünli bolan köpsanly nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Bugdaý: «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýermiş» diýen nakylyň manysy köplere düşnükli bolsa gerek. Eždatlarymyzyň akyl eleginde elenip, paýhas sandygynda eýlenen bu pähim häzirki pursatda ak ekinlere ideg etmegiň möhüm döwrüniň dowam edýändiginden habar berýär. Daýhanlarymyz gündelik işlerinde şeýle durmuşy hakykatdan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýärler — diýip, «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň taýýarlaýyş bölüminiň başlygy Jora Hemraýew gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.