Nepisligiň gözel nusgasy

8 Aprel 2021
1964

Milli senet we milli miras halkyň maddy hem ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzda milli senetçiligiň bir ugry bolan zergärçilik sungaty geçmişde-de, häzirki wagtda-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Zergärçilik bilen bagly pikir-düşünjeler bolsa halk döredijiliginiň nusgalaryna siňipdir. Edebi çeşmelerde sungat derejesine çenli kämillige ýeten zergärçilik barada çuň pikirler beýan edilipdir. Häzirki wagta halypa-şägirtlik ýoly arkaly bu sungat nesilden-nesle geçirilýär. Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy bolsa milli zergärçilik sungatynyň geljekki nesillere-de kämil nusgada geçmegi hakda edilýän aladalaryň düýplüdigini görkezýär.

Zergärlerimiziň ýasan şaý-sepleri diňe bir toý-baýramlarda, dabaraly pursatlarda däl, eýsem gündelik durmuşda-da giňden ulanylýar. Aýratyn-da, gülýakalardyr gulaksyrgalar, bilezikdir ýüzükler gyz-gelinleriň arasynda ýörgünlidir. Türkmen zergärleriniň döreden şaý-sepleri özüniň milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň dürli görnüşleri bolup, ajaýyp nagyşlar salnyp, bezegler bilen bezelýär. Gyzlara, gelinlere, uly ýaşly zenanlara niýetlenen şaý-sepler bilen birlikde, çagalaryň dakynýan zergärçilik önümleri-de bardyr. At bezeg şaýlary-da bu sungatda özboluşly orny eýeleýär.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.