Pikir-garaýyşlaryň köpdürlüligi dünýädäki ynsanlaryň umumy sanyna barabar hasap edilýän bolsa, onda islendik sowalyň şonça jogabynyň boljagy ikuçsuz. Ýöne gözelligiň, duýgurlygyň, wepadarlygyň, çydamlylygyň nusgasy hakda soralanda welin, olaryň ählisinden diňe bedew hakyndaky jogaby eşideris. Bu umumylygyň ünsüni özüne gönükdiren ýeke-täk jogabyň sebäbini bolsa ilki başda şan-şöhraty bilen ýaradylan bedewleriň aýan bolan hem-de entegem syr bolmagynda galýan aýratynlyklary bilen düşündirse bolar. Eger, olaryň hormat-sarpasynyň belentden tutulýan ýerini dünýä kartasynda bellemeli bolsa, şol mukaddes mekanyň Türkmenistandygyny arkaýyn aýdyp bileris.
Taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, ilkinji gezek ýabany atlary eldekileşdirip, olary özleriniň wepaly dosty hasaplan oguzlardyr. Olar özleriniň köp wagtlaryny atyň üstünde geçiripdirler. Bu barada arap filosofy Al-Jahiz: «Oguzlar ýerde däl-de, atyň üstünde köp oturypdyrlar» diýip ýazypdyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplaryndaky maglumatlara salgylansak, atlar Türkmenistanyň çäginde azyndan bäş müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilipdir. Olaryň kemala gelmeginde Köpetdagyň etegindäki düzlügiň howa şertleri möhüm orun eýeläpdir. Ýerli oturymly halk atlarda gymmatly häsiýetleri we alamatlary ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň sungat derejesindäki mekdebini döredipdir. Hut şonuň üçin hem Ýer ýüzündäki tohum atlaryň gelip çykyşy türkmen atlary bilen baglanyşdyrylýar. Bu barada milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar» diýip belleýär.