Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda toýlardan-toýlara barýan türkmen halkymyz taryhymyzy sarpalap, mirasymyza hormat goýup ýaşaýar. Ynha, ýakynda paýtagtymyzda Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijilik dünýäsine bagyşlanyp geçirilen halkara maslahat hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Muhammet Baýram han bilen baglanyşykly ençeme taryhy maglumatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe içgin öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu maglumatlaryň jümmüşinde — çuň mazmunynda türkmeniň pederlerden miras galan mertlik, adalatlylyk, ähli babatda deňhukuklylygy saklamak, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak ýaly ýörelgeler, döwlet gurmak we ony gorap saklamak, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, döwletiňe, döwlet baştutanyňa wepaly hyzmat etmek ýaly çuňňur pähim-parasatdan binýady bolan başarnyklar örboýuna galýar.