Pursatlar

8 Aprel 2021
1736

Hojamyrat Öräýew,
Türkmenistanyň halk bagşysy.

13-14 ýaşlarymda Türkmenistanyň halk bagşysy Hojamyrat Öräýewiň ýanynda şägirt bolup, dutar çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenýärdim. Halypam toý-baýramlarda özi aýdym aýtmazyndan öňürti, halk köpçüligine öwrenişmegim üçin maňa-da aýdym aýtdyrardy. Bir gezek halypamy Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligine toýda aýdymdyr dessan aýtdyrmak üçin çagyrdylar. Ol meni-de toýa alyp gitdi. Oba adamlary bizi uly hormat bilen garşyladylar. Entek toýa çykylmazyndan ýarym sagat çemesi öňräk halypam dondur telpegini geýip: «Hany, şägirtler, sizem tijeniň!» diýdi. Men oňa: «Halypa, entek irräk dälmi, toýhana adamlaram ýygnanan däldir» diýdim. Halypam: «Men ýaş wagtym kakam — bagşy Öre Şyhyň ýanynda gyjakda sazandarlyk ederdim. Ol elmydama: «Oglum, halk bize garaşandan, biz halka garaşaly!» diýerdi. Şondan bäri kakamyň wesýetini berjaý edip, zyýana galan ýerim ýok, bäş-alty ýoly artykmajrak aýdarys, adamlary garaşdyrmalyň!» diýdi.

Sabyr SABYROW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.