Halkymyzda düýe maly bagtyň, rysgal-döwletiň nyşany hökmünde orun alandyr. Şonuň üçinem «Düýe maly — dünýe maly», «Düýeli baý — dünýeli baý» diýip, bu mala uly hormat goýupdyrlar. Düýäniň hiç bir yrýa zady ýok. Onuň eti, süýdi, ýüňi dermanlyk häsiýete eýedir. Düýe ýüňüniň 80%-i mymyk bolany üçin, ondan örülen önümler ýumşak, jana ýakymly bolýar. Düýe ýüňüniň düzümindäki maddalar oňa berklik, ýumşaklyk, inçelik hem-de uzak wagtlap ýylylygy saklamaga ýardam berýär. Düýe ýüňünden guşak, çäkmen, ýorgan, saçak ýaly önümler edilýär. Düýe ýüň guşagy bili ýyly saklap, sowuklamanyň öňüni alýar. Düýe ýüňden edilen saçaga çörek dolanyp goýlanda, çöregi ýumşak saklaýar, heňletmeýär.
Taryha nazar aýlasak, düýe maly adamzada zerur bolan azyk üçin we senagat pudaklary üçin çig mal çeşmesi, hojalykda ulag hökmünde giňden ulanylypdyr. Uzak aralary gysgaldyp, halklar arasynda alnyp barylýan söwda gatnaşyklary-da düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr.