Baýram han — beýik türkmen gerçegi

2 Aprel 2021
1581

Taryhy kökleri alyslardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halky kuwwatly, dörediji we şöhratly halkdyr. Nesilbaşymyz Oguz handan başlap, milletimiz irki döwürlerden bäri kuwwatly döwletleri döretmek, dünýä ösüşine goşant goşmak we ählitaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek arkaly bütin adamzada nusgalyk işleri bitirdi. Biziň taryhymyzy dabaralandyrýan şahsyýetler — türkmen gahrymanlary bolsa, şöhratly halkymyzyň aňyndan öçmejek orun aldy. Şeýle şahsyýetleriň biri hem, halk arasynda «hanlar hany» diýlip atlandyrylýan Baýram han Türkmendir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 31-nji martda Aşgabatda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Meşhur serkerde, döwlet işgäri we ajaýyp şahyr Baýram hanyň döredijiligine hem-de ömür ýoluna bagyşlanan maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy bilelikde gurady. Bu maslahat dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylaryny, taryhçy-gündogarşynaslary, sungaty öwrenijileri, dilçileri, edebiýatçylary, syýasatşynaslary we diplomatlary bir ýere jemledi.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».