Şahyrana döredijilige sarpa

2 Aprel 2021
1633

Şu ýyl Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy giňden bellenilip geçiler. Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde beýik işleri amala aşyrýar.

Halkymyza, ýaşlara medeniýetimizi, baý geçmiş taryhymyzy we şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň ýol açdy, olaryň dünýädäki at-abraýlaryny has-da belende galdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Golaýda halkymyzyň görnükli akyldary, Muhammet Baýram hana bagyşlanyp paýtagtymyzda «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Bu onlaýn maslahatyna Azerbaýjandan, Täjigistandan, Hindistandan we başga-da birnäçe döwletlerden taryhçylar, muzeý ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhynda öçmejek uly yz goýan şahyrlar, ýazyjylar, hanlar, parasatly, gaýduwsyz, merdana, gujur-gaýratly, edermen şahsyýetler barada gürrüň edildi.

Arslan TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Injener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.