Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwrenmek, bitiren hyzmatlary we söweş edermenligi bilen uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň, Watanymyzy şöhratlandyran adamlaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek we ebedileşdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Uly hormata eýe bolan meşhur şahsyýetler diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyryp, ägirt uly hyzmatlary bitiripdirler. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde Baýram hanyň edermen şahsyýetdigini beýan edýän Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinden getiren mysalynda şeýle bellenilýär: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de, türkmendi».
Han-hanan adyny göteren Muhammet Baýram han Türkmen öz döwrüniň ökde harby serkerdesi, parasatly danasy, ýiti zehinli türkmen şahyrydyr. Garagoýunly türkmenlerinden bolan Baýram han Türkmen takmynan 1500-nji ýylda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär. Baýram han başlangyç bilimini we terbiýäni Badahşanda kakasy Seýfaly begden, soň Balhda daýysy Emir begden alýar. Ol örän mert, gaýduwsyz, batyrgaý serkerde bolup ýetişipdir. Baýram han özüniň batyrlygy, edermenligi, adalatlylygy bilen adamlary özüne çekmegi başarypdyr. Hatda ýetginjeklik döwründe ol özüniň dogumlylygy, harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawutlanypdyr. Baýram han on alty ýaşyndan başlap, Mogol patyşalaryna gulluk edýär. Baýram han tizlikde özüniň batyrlygy, ökde serkerdelik ukyby, şahandaz şahyrlygy we mertligi bilen Humaýunyň (Beýik Mogollar şadöwletini esaslandyryjy Babyryň ogly) iň ýakyn dostuna öwrülipdir. Soňra Beýik Mogollar şadöwletinde uly döwlet wezipelerinde işläp, örän täsirli döwlet işgäri, harby serkerdesi hökmünde çylşyrymly, şol bir wagtda hem mertligiň we gaýduwsyzlygyň asyl nusgasyny şöhratlandyrýan ömür ýoluny geçýär.