Hanlar hany Baýram han

1 Aprel 2021
2055

Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işler bitirilýär.

Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça türkmeniň baharly tiresine degişlidir. Bahar, bahar ili, baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imr ili, hususan-da, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi.

Orazpolat EKÄÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyrlaryň taryhy bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.