Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen mukamlary we aýdym-sazlary gaýtalanmajak gözelligi, şireli owazy, çuňňur pelsepä ýugrulanlygy bilen nesilleriň iň ýakyn hemrasyna öwrülip gelýär. Öz ozanlaryna törden orun beren halkymyzyň aýdym-saz däpleri we mirasy, bagşy-sazandalarymyzyň ussatlygy bu mekana ýoly düşen jahankeşdeleri hem biparh goýmandyr. Köňülleri ganatlandyrýan, dünýäleri zynatlandyrýan milli aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhraty ýedi yklyma ýaýrapdyr. Goşa taryň jana ýakymly owazy, köňüllere bal bolup damýan halk aýdymlary, dessanlarymyz dünýä meşhur sazşynaslarda uly gyzyklanma döredipdir.
Türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýan gündogarşynas, terjimeçi we syýahatçy Aleksandr Hodzko Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň taryhyny, medeniýetini, dilini we sungatyny hem öwrenipdir. Onuň iňlis, fransuz dillerinde neşir edilen türkmen, pars, azerbaýjan edebiýaty baradaky ylmy işleri uly ähmiýete eýedir.