Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 19-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň ähmiýetini belläp, biziň welaýatymyzda bu möhüm çärä 31-nji martda girişilmegine ak pata berdi hem-de il sylagly ýaşululardan ony «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şeýlelikde, welaýatymyzda şu ýylyň «ak altynyň» bereketli hasylynyň ýetişdirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan çärä agzybirlik bilen girişmeklige bagyşlanylan dabaralar giňden tutuldy.