Buýsanjy sen Arkadagly halkymyň!

30 Mart 2021
1361

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ata-baba buýsanjymyz bolup gelýän ajaýyp ahalteke bedewlerini seýislemek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, bedewlerimiziň hem alnyndan ak gün dogdy. Indi olar halkymyzyň buýsanjyna, toý-dabaralarymyzyň bezegine öwrülip, Döwlet Tugramyzda orun aldy» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu aýdanlaryna aýdyň mysal hökmünde, ýurdumyzda 2008-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde atçylyk toplumlarynyň gurulmagyny, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy diýlip yglan edilmegini, her ýylda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bedewleriň gözellik bäsleşigini, uzak aralyga çapmak boýunça marafon ýaryşyny we beýlekileri ýatlap geçmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň we halkymyzyň bedewlere goýýan belent sarpasynda ata-babalarymyzyň ýurt goragy, nesil terbiýesi babatda kemala gelen beýik mekdebi aýdyň şöhlelenýär. Çünki ahalteke bedewlerimiz ýurt goran mertleriň ýakyn syrdaşy, ýow güni ýoldaşy bolupdyr. Parahatçylyk günlerinde toýlaryň, öýleriň, syrgynlaryň bezegi bolupdyr. At çapmak, at seýislemek halkymyzda sungat derejesinde gaýtalanmajak mekdebe öwrülipdir.

Annagözel ANNAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.