Uz barmaklaryň hünäri

29 Mart 2021
2270

asudalygyň aýasynda barha kämilleşýär

Dünýe döräli bäri munda gözelligem, nepisligem näçe diýseň bar. Zemine ýaraşyk berýän baglaram, güllerem, baýyrlardyr çeşme-çaýlaram, Asmany görke besleýän ýyldyzlaram ynsanyň sünnälige imrinýän teşneligini gandyrýar. Emma nämüçindir bu gezek men zehin-başarnygy şu täsin ýaradylyşdan gönezlikli zenan dünýäsi, olaryň uz barmaklarynyň eliniň yzy galan her bir işiň sungat derejesine ýetýändigi barada sözläsim gelýär. Bu nepis sungatyň haýsy birine üns bereniňde-de, ondan terbiýeçilik äheňini duýmak bolýar. Onda gözellik bar, ol ýerde inçelik görünýär, çeperlik duýulýar, arzuwlaryň ummany tolkun atýar, munda durmuş möwç urýar. Onsoň, näzik kalplarda pyntyk ýaryp, zehin bulagyndan gözbaş alýan işlerem dünýäniň ýaraşygy bolup, bu barlyga siňip barýar. Munuň täsinligini ýa täsirliligini taryplajakmy ýa-da muňa siňen yhlasyň näderejede agramlydygyny saldarlap görjekmi. Asyl, onuň haýsy tarapyndan baranyňda-da bu ýerde yrýalyga gözüň kaklyşmaz, hiç bir artykmaçlyk duýulmaz. Ana, şolaryň netijesinde kemala gelen sungaty dörediji zenanlar biziň öýlerimiziň ýaraşygy, göwünlerimiziň sazlaşygy, durmuşymyzyň goýazylygydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde eli çeper gelin-gyzlarymyz bilen söhbedimizem milli nusgasyny saklap, döwrebap keşbe eýe bolan el hünärimiz dogrusynda boldy.

Söhbetdeşligi taýýarlan: Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».