Sadaja bagtyň bolsun!

29 Mart 2021
2008

Enemiň nurana keşbi, çuň mana ýugrulan mylaýym sözleri häli-häzirem göz öňümden gidenok. Agtyklaryny söýgüläp aýdan hüwdüleri, gürrüň beren gyzykly rowaýatdyr hekaýatlary ýadyma düşende kalbym aram tapýar. Çagakak eşiden sözlerimiziň manysyna indi-indiler akyl ýetirjek bolýarys. Bir gün enem ýanyna çagyryp, kemputdyr köke berdi-de, başymy sypap: «Altyndan tagtyň bolandan, sadaja bagtyň bolsun-da, balam!» diýip, ýüzüme mähirli garady. Men enemiň sözlerine düşünmän:

— Ene! Ol diýdigiň näme bolýar? — diýip soradym. Enem bolsa mährem ellerini başymdan aýyrman, gözlerini uzaklara dikip, gürrüň bermäge başlady.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.