Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli şähergurluşyk strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda orun alýar. Merjen paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we şäheriň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. 24-nji martda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalaryň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem, halkymyzyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi hem-de bular barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary we çyzgylary görkezdi.