Demokratik ýörelgeler rowaçlanýar

26 Mart 2021
1228

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda taryhy üstünlikler gazanylýar, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň aňrybaş gymmatlyklary ornaşdyrylyp, hukuk döwleti berkarar edilýär. Jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy, asylly däpleri döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döredijilikli ösüşiniň döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adamlaryň we raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilmegi aýratyn ähmiýetli ugurlardyr.

Jemgyýeti edara etmegiň, döwlet gurmagyň we dolandyrmagyň nusgalyk mekdebini döreden merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň islendik döwrüni alyp görenimizde hem, halkyň wekilçiligini üpjün edýän gurluşlaryň jemgyýetde aýratyn orun eýeländigini görmek bolýar.

Begenç HOJAMGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.