Gözel görkli paýtagtymyz

24 Mart 2021
1479

Ak şäherimiz Aşgabat gözelligiň mesgeni! Özüniň gaýtalanmajak bezegleri bilen görenleri haýrana goýýan kaşaň köşkleriň, belent-belent ymaratlaryň, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň her biri paýtagtymyza özboluşly gözelligini eçilýär. Al-asmana atylyp, owadan görnüşleri emele getirýän suw çüwdürimleri paýtagtymyzda bagtyň joşýandygyny alamatlandyrýar. Gülleriň ysy burk urýan seýilgähler bolsa göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz, oklaw deýin göni ýollary ak arzuwlar bilen ýola düşenleri beýik maksatlara atarýar.

Ak mermere bürenip oturan Aşgabadymyz diňe bir owadan hem ýaşamak üçin amatly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap şäherdir. Çünki ol Gündogaryň hem häzirki zaman gurluşygynyň gazananlaryny özünde jemleýär.

Wepageldi GYŞYKOW,
TDP-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap komitetiniň başlygy.