Taryhyň saralan sahypalaryndan bilşimiz ýaly, ata Watanymyz gadymy ekerançylygyň dörän mekanydyr. Bu gün bolsa, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen bolçulygyň, berekediň ýurdudyr. Ekerançylygyň esasy şertleriniň biri suw bolçulygydyr. Dünýäde uzyn we süýji suwly derýalaryň biri bolan Amyderýanyň hanasynyň köp bölegi döwletimiziň çäginden akyp geçýär. Ýurduň ähli ekerançylyk ýerleriniň 95 göterime golaýy şu derýanyň kömegi bilen suwarylýar. Şu nukdaýnazardan suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmagyň, ony egsilmekden we hapalanmakdan goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan has netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny düzgünleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar.
Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin 2010-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. 2011-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda bolsa, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnamada ilatymyzy, şeýle hem uzakdaky şäherçeleriň we öri meýdanlaryň suw üpjünçiligini düýpli gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnama laýyklykda, ak şäherimiz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda suw arassalaýan desgalar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan suw geçirijiler halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda agyz suw zawodlary gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi.