Aýdyň maksatly daýhan

24 Fewral 2021
1300

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşigi diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatymyzda hem gök, bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginde gök, bakja ekinlerini ýetişdirmekde baý tejribe toplan gök ekerançylar barmak büküp sanardan kän. Şolardan Döwran Esenow hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler geçirmek baradaky talaplaryny amal etmäge öň hatarda girişenleriň biri. 725 gektar ýeri 99 ýyllyk peýdalanmaga alyp, gök, bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan bu daýhan köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, kärende meýdanyndan bir ýylda iki-üç gezek hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Irki ýeralmanyň yzyna ekilen giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy bişip ýetişýär.

Meýdanyň irki ýazlyk ekinleriň ekiljek ýerleri şüdügärlenip, çillenilip, suw tutmaga taýýar edildi. Ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirildi. Häzirki wagtda bu ýerde howanyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanylyp, meýdan işleri gowşamaýan depginde dowam etdirilýär. Geçen ýyly gowy netijeler bilen jemlän kärendeçi bu ýyl hem has gaýratly zähmet çekip, ýokary hasyl almagy maksat edinýär.

Maýsa ÖWEZOWA,
TAP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.