Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz belent binalaryň, gözelligiň we amatlylygyň, binagärligiň we tebigy gözellikleriň sazlaşygydyr. Ýurdumyzyň baş şäheri batly depginler bilen öz çäklerini giňeldýär, täze ajaýyp künjekleri bilen abadanlaşýar. Paýtagtymyzda gurlan täsin desgalaryň ençemesi, şeýle hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere has köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjydyr.
Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysalydyr. Ol täze gurluşyklaryň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyz okgunlylyk bilen häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, gün-günden dünýäniň şäherleriniň ýaşamak üçin iň owadanlarynyň we amatlylarynyň biri hökmünde barha ynamly ykrar bolýar.