Saýlawlara taýýarlyk: mynasyp dalaşgärler hödürlenýär

19 Fewral 2021
1010

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige abraýly, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 81 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji marta çenli dowam eder, bellige almak bolsa 7-nji martda tamamlanar.

"Nesil".