«Bäş daş»

18 Fewral 2021
1598

«Bäş daş» oýny, salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz we arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny, esasan, gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany togalajyk daş — çagyl saýlanyp alynýar. Ol daşlaryň galyňlygy çen bilen 11 millimetr, göwrümi 22 millimetre barabar bolýar. Ondan kiçi daşlary tutmak, ýerden syrlap almak aňsat däl. Uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almaga amatsyz hasaplanylýar.

Oýun oýnalanda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň arka tarapyna düşürilýär we ýene ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy şu sözleri aýdýar: «Elarka kaky». «Bu elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şeýle sözler bilen başlanýandygy üçin «Bäş daş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary kimin goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu etaby haýsy oýunçy köp daşy tutup bilene çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda haýsy oýunçy köp daşy gapyp bilse, şol hem oýna ilki başlamaly edilýär we ondan soňra oýnuň indiki tapgyrlary dowam etdirilýär.

Ogulbagt BAÝRAMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň aspiranty.