Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň 1-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda hem welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimize welaýatlarda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi, dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bildirilýän talaplara laýyklykda işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.