Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ruhuny alamatlandyrdy. Jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň saglyk derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň netijeli peýdalanylmagyny ugur edinýän hormatly Prezidentimiz saglygy goraýşyň netijeli çemeleşmelerini durmuşa ornaşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň adam hakda aladany esasy üns merkezinde goýýan syýasaty oýlanyşykly işlenip düzülen Maksatnamalaryň we Strategiýalaryň çäginde durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Prezident» Maksatnamasynyň düzüm bölegi hökmünde taýýarlanan «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama» hereket edýär.