Miwe galyndysy – teletin torba

24 Ýanwar 2021
1434

Teletin torbalaryň ösümliklerden öndürilip başlanandygy barada eşidipmidiňiz? Bu torbalar ysy we durky boýunça haýwan derisinden ýasalan «kowumdaşlaryna» juda meňzeş. Bir aýratynlygy hem olaryň miwelerden we gök önümlerden ýasalanlygydyr.

Bu açyş Niderland Patyşalygyndaky bezegçi-dizaýnerlere degişlidir. Täze torba «Rotterdam Fruitlizer» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, dizaýnerler torbanyň bu görnüşini Rotterdam şäherindäki bazarlardan ýygnalan miwe galyndylaryndan taýýarladylar.

Gaýgysyz ÖWEZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.