Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly körpeleri

19 Ýanwar 2021
1756

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, aýdym-saz hem-de sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň gül-gunçalaryna deňelýän körpeleriň kalbynda ata Watana söýgi, ene topraga buýsanç alamatlaryny görmek bolýar. Eziz Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň netijesinde bagtdan paýly nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olar özleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Bu günki bagtyýar körpeler — Watanyň geljekki gerçekleri, edermen ýigitleri, edepli-ekramly gyzlary. Olaryň iň kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy üçin güneşli ülkämizde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Muňa mähriban Arkadagymyzyň: «Biz çagalaryň netijeli okamagy, göwnejaý dynç almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýäris» diýen sözleri hem şaýatlyk edýär.