Şygyr halamaýar saly gowşagy

14 Ýanwar 2021
1931

Şahyryň sözi

Edebiýat — döwrüň ýol görkezijisi, şahyrlar bolsa döwrüň baýdak göterijileri hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen birlikde, çeper edebiýaty ösdürmeklige, edebi mirasymyzy öwrenmeklige we wagyz etmeklige uly ähmiýet berýär. Şygyr bolup, ajaýyp eser bolup gelýän günler bolsa kalby joşgunly şahyrlarymyza ylham paýlaýar. Döwrümiziň waspy, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri şygyr setirlerinde öz beýanyny tapyp, halkymyzy döredijilikli zähmete we bagtyýar geljege ruhlandyrýar. Milli şygryýetimiziň mylaýym mähri müňlerçe, millionlarça ýüreklere ornaşyp, şol ýüreklere halallygyň, ynsabyň, ruhubelentligiň şöhlesini çaýýar. Ynsan ýüregini şygyr ýaly mähremleşdirýän başga bir jadyly güýç, megerem, ýok bolsa gerek. Şonuň üçin-de şygryýetiň daragty bitewidir. Şol daragtyň kökleri halk durmuşynyň köklerinden yzgar alýar. Şygryýet daragtynyň bolsa ençeme şahalary bar. Biz okyjylarymyzdan we ýaş şahyrlarymyzdan gelip gowuşýan teklipdir islegleri nazara alyp, inçe lirika, milli pelsepä ýugrulan şol şygryýet daragtynyň şahalary dogrusynda söhbet etmek maksady bilen, “Şahyryň sözi” atly täze rubrikany açýarys. Bu rubrikada ussat şahyrlarymyzyň, edebiýatçy alymlarymyzyň milli şygryýetimiz, onuň görnüş we mazmun aýratynlyklary, tema dürlüligi, şeýle-de öz döredijilik ýollary dogrusyndaky pikirlerini ýerleşdireris.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.