Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen ädilen ädimler misilsiz menziline ýeter

13 Ýanwar 2021
2822

Danalaryň biriniň aýdyşy ýaly, parahatçylyk güýç bilen däl-de, düşünişmek arkaly gazanylyp bilner. Hawa, hut düşünişmek we ynanyşmak ýoly bilen. Biz haçan birek-birege ynam edýäris? Elbetde, düşünişmegi başaran halatymyzda. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli bu ideýasynyň halkara derejede uly ykrara eýe bolandygyna hemmämiz şaýat. Şoňa görä, üstümizdäki ýylyň şygary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, 11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr.

"Nesil".