Üçem owlak (hekaýa)

12 Ýanwar 2021
2125

Mal-garasyny «Malym-janym» diýip sarpalaýan oba adamlary owlak-guzy möwsümini öz gözüniň alnynda geçirenini kem görmezdi. Şonuň üçin-de, gyşyň başynda meýdandaky sürüler dagadylyp, mallar tä gyş aýaklap, dowarlar köpelýänçä eýeleriniň elinde bolardy. Şol döwürler hem mallaryň aýagy ýazylar hem-de meýdan ot-çöpünden garbanar diýip olar ir-ertirden giç agşama çenli obanyň töweregindäki oýtaklara örä çykarylardy. Guşgözi, ýarmalyk, arpagan, lommarçak ýaly meýdan otlarynyň saralyp gyşa galan samany ownuk mal üçin golaý-goltumrakdanam tapylýardy. Okuwçylaryň gyşky dynç alşa çykan wagty bolsa mallary örä äkitmek ekabyrrak oglanlara ynanylardy. Ir-säher bilen her kim öz çekenesini öňüne salyp sürüp barýandyr meýdana tarap.

Deň-duş oglanlaryň üýşen ýerinde hezillik bolmazmy diýsene. Gyzykly ýeri hem günorta çaglary bir ugurrakda mal bakyp ýören oglanlar bir ýere üýşüp nahar edinerdiler. Her kim öýünden alyp gelen owkadyny torbajygyndan çykaryp orta goýar. Soň daş-töwerekden çöpleme çöpläp, derrew ot ýakyp, getiren höregiňi gyzdyrarsyň. Meýdana çykylanda ýeralmany köze gömüp bişirmek bolsa oglanlar üçin iň lezzetli tagam hasap edilerdi. Bişenden soň daşyny artyp, üstüne duz sepip iýersiň weli, tä öýe dolanyp barýançaň owkat küýsetmez. Şol günlerde meýdanda guzlan birlän-ikilän owlak-guzulary töweregimizdäki oglanlaryň haýsysy eşekli bolsa, şonuň eşeginiň horjunyna atyp goýberibererdik.

Halmuhammet HAJYÝEW,
Türkmenbaşy şäheri, bilim işgäri.