«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly: rowaçlyklaryň täze sepgitlerine tarap

12 Ýanwar 2021
3131

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişlere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze — 2021-nji ýyl şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza Täze ýyl Gutlagyndaky: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýen ajaýyp sözleri kalbymyzy joşduryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl «Türkmenistan–— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu şygar häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli dogduk mekanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen karar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Milli Liderimiziň «Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr.