Üstünliklere beslenen ýyl

17 sagat öň
34

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen dabaralandyrylan şu ýylymyz täze döwrümiziň taryhy zer harplary bilen ýazylýan ýyllarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zehin jöwherinden syzylyp çykan ajaýyp şygryndan alnan bu şygaryň mazmun baýlygy ýurdumyzyň hem halkymyzyň, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda giň beýanyny tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň taryhy ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýä giňişliginde öz ornuny has-da pugtalandyrdy. Onuň anyk mysallaryny doly derejede açyp görkezýän wakalar şu ýylymyzy boýdan-başa gurşap aldy. Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygynyň netijeleri barha berkeýär. Onuň şeýledigini tutuş dünýäniň döwletimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça öňe sürülýän başlangyçlary we teklipleri doly goldaýandyklary-da açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä ýüzüne parahatçylygyň nuruny çaýýan döwletimize belent ynamyň ajaýyp mysaly boldy. Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnama» atly Kararnamalar döwletimiziň umumadamzat bähbitli tagallalarynyň derejesini doly açyp görkezýär.

Bir-birine ulaşýan, gündelik häsiýete öwrülen täzelikler, amal edilen beýik işler, täze maksatlar şöhratly ýylymyza şan berdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen beýik işler üstünlikleri has-da berkitdi. Hormatly Prezidentimiziň «BRIСS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRIСS sammitine gatnaşmagy we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň öňde duran wezipeleri babatda çuň mazmunly çykyş etmegi, şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk»  ordeni bilen sylaglanmagy şanly wakalaryň hataryny artdyryp, her bir türkmen raýatynyň kalbynda hoşallyk duýgularyny joşurdy. Sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň rowaçlygynyň binýady bolan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, hyzmatdaşlyk babatdaky gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi hem-de berkeýändigi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda aýdyň ýüze çykdy. Gazagystan Respublikasynda geçirilen bu foruma hormatly Prezidentimiziň işjeň gatnaşyp, sebit meselelerine degişli garaýyşlary, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda giň mazmunly çykyş etmegi halklaryň ýurdumyza bolan ynamyny artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tutumlary döwletimiziň dünýä bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Onuň şeýledigini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum doly tassyklaýar.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bölüm müdiri.