Halkymyzyň müçe hasaby boýunça bosagada duran 2025-nji ýyl ýylan ýylydyr. Halk hakydasynda: «Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr» diýen bir aýtgy bar. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatdaky ýaşaýyş-durmuş terzi, ençeme ýyllyk tejribesi, synçylygy bilen baglanyşykly dörän bu aýtgyda ýylan, ýylky ýyllarynyň gyş paslynyň biraz aýazly boljakdygyna ýaňzydylýar. Emma «Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz» diýen pähimi hem ýatdan çykarmak bolmaz.
Ýylan ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolar. Dünýä halklarynyň aglabasynyň halk döredijiligine dahylly eserlerde ýylan genji-hazynanyň goragçysy hökmünde teswirlenýär. Köneden galan yryma görä, ata-babalarymyz öýe ýylanyň girmegini hem gowulyga ýorup, oňa kast etmän, çeträk bir ýere goýberip gaýdypdyrlar. Eger öýe giren ak ýylan bolsa oňa süýt hödür edilip, özi çykyp gidýänçä el degirmändirler. Öýe giren ýylan geljek rysgal-döwletiň alamaty saýylypdyr.