Ätiýaçlandyryş kämilleşdirilýär

1 gün öň
13

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky beýik ösüşler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny şertlendirýär.

Berkarar Diýarymyzda gazanylýan ösüşlere, özgertmelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk gelmegi üçin elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň nyrh möçberleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Halkymyzyň durmuşynda göz öňüne tutulmadyk, tötänleýin, duýdansyz ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň öňüni almakda, özüniň wezipesi boýunça ýüze çykýan ýitgileriniň (zelelleriň) öwezini dolmakda ätiýaçlandyryşyň hyzmaty uludyr. Şular esasynda, döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuridik şahslara işgärleriniň saglyklaryny goramak maksady bilen, «Ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş» hyzmaty hem hödürlenýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli we bir ýyldan hem köp möhletlere baglaşylyp bilinýär.

Ejegül ÇASOWA,
Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hünärmeni.