Gapymyzda ýene bir toý

1 gün öň
37

Aýdymlar ýaňlansyn dilde-dahanda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünliklerden, toý şatlygyndan ruhlanýan halkymyz ýene sanlyja günden täze ýyla gadam basýar. Geljek — 2025-nji — Täze ýyly süýji arzuwlar bilen garşylamaga uly höwes bilen taýýarlanýan ruhubelent halkymyzyň toý şatlygy goşalanýar. Üstümizdäki — “Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara baý bolandygy bize ruhy güýç berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň çap bolup çykmagy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp “Magtymguly” diýen täze kitabyň çapdan çykmagy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen ýokary derejede bellenilmegi ýokarda aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.