Abadan Diýarymyzda ýyllar-ýyla dowamdyr, Arkadagly Serdar bilen ak geljege rowandyr

20 sagat öň
24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl uly üstünliklere, şan-şöhrata beslenip, taryhyň zer sahypasyna ýazylýar diýsek hakykatdan daş düşmeris. Üstümizdäki ýylyň häzirki sanaýmalyja günlerinde halk hojalygynda, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň daýanjy bolan ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, oba hojalygynda, medeniýet hem sungatda, halkymyzyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesliň geljegi babatda edilen işleri hakydaňda aýlanyňda, göwnüň göterilýär. Gündogar müçenamasy boýunça geçip barýan luw ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamyna degişli binalar, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi,  ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň anyk mysallarynyň diňe biridir.

Geçip barýan ýylda oba hojalyk pudagynda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Edermen babadaýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna goşdular. Tutuş ýylyň dowamynda bazarlarymyzda gök we bakja ekinleriniň, dürli miweleriň bol hasyly egsilmedi. Hususyýetçilige, telekeçilige giň ýollaryň açylmagy bilen, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önüm öndürilişi ýokarlandy. Olar geljek ýylda hem döwlet Baştutanymyzyň özlerine bildiren ynamyny ödemek, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge mynasyp goşantlaryny goşmak üçin halal zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýärler. Bugdaý ekilen meýdanlarda eýýämden daýhan yhlasy aýdyň görünýär. Idegi kemsiz ýetirilýän ýerler ýaşyl öwsüp, göwnüňi açýar.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».