Çagalara şatlyk paýlan dabara

2 gün öň
49

Welaýatymyzyň dürli etraplaryndan çagalaryň uly topary paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdylar. Ruhubelent çagalar üçin bu çäräni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady.

«Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly dabara gatnaşyjylar ilki bilen gurjak teatrynyň artistleriniň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan şüweleňli çykyşlaryna tomaşa etdiler. Çagalar üçin özboluşly toý sowgady bolan täsirli çykyşlar ýaş nesle ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Baýramçylyk şüweleňi teatryň eýwanyndaky Täze ýyl arçasynyň ýanynda dowam etdi. Bu ýere Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Welaýatymyzyň bagtyýar çagalary Aýazbaba we Garpamyk bilen baýramçylyk arçasynyň öňünde tans oýnadylar, şatlandylar.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy. SURATDA: dabaradan pursat.