Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy ruhlarymyzy galkyndyryp, şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu ajaýyp kitap geljege ynamymyzy berkidip, şöhratly geçmişimize bolan buýsanjymyza ýene-de buýsanç goşdy.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi agzybirligimizi has-da pugtalandyrdy, şanly geçmişimize hormat-sarpamyzy belende galdyrdy. Bu buýsandyryjy wakalar türkmen halkynyň dünýä mertebesini beýgeltdi. Milli Liderimiziň täze kitabynyň elimize gowuşmagy hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşymyzdaky şeýle buýsançly wakalaryň üstüni ýetirdi.