HÜNÄR KÄMILLIGI – DÖWRÜŇ TALABY

21 Dekabr 2024
98

Ömrüň manysy kämillige, abraý-mertebä ymtylmakdyr. Ynsanyň ýaşlyk döwründen kämilligiň, il hatary ynsan bolup ýetişmegiň binýady goýulýar. Ýaşlygyndan kämillige gol berip, ylym-bilim öwrenen, özünde ynsanperwer garaýyşlary, ýagşy amallara gol ýapmak ýaly häsiýetleri terbiýelän ynsanlar abraý-mertebä mynasyp bolýarlar.

Kämilligiň çägi ýok. Kämillik – durmuşyň zerurlygy. Bu düşünje halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kadasy hökmünde halkymyzyň aňyna siňipdir. Magtymguly Pyragynyň: «Kämil bolup, serenjam ki kylyp men» diýen ajaýyp setirlerinde hem her bir ynsanyň özüni kämilleşdirmelidigi hakynda çeper beýan edilýär. Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan, //Ýetip geldim kämilligiň paýyndan» diýen şygyr setirlerinde hem milli ýörelgelerimizde kämillige neneňsi ähmiýet berilýändigi görünýär. Kämillige ymtylmak diňe bir ýaşlykda däl, eýsem islendik ýaşda hem zerurdyr.

Leýla OMIROWA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.