Arzuw (Hekaýa)

19 Dekabr 2024
123

«Atamam, kakamam harby bolan. Menem-ä bir günümem Watan goragyndan üzňe geçirmedim. Gel-gel indi ýeke oglum bu ýoluň nokadyny goýaýarmyka? Aý, beýdesi ýok-laý, entek çaga ahyryn ol. Nesip bolsa, ulaldygyça sesi ýognap, harbylara meňzär gider» diýip, öz ýanyndan pikire çümüp oturan Halmyrat gözüniň gytagyny eline dutar alyp, «tiňňildedipjik» oturan oguljygy Batyra tarap aýlap goýberdi. Soňam bir gyrada münder bolup duran, tas ellenilmedik oýunjaklara seretdi. Olaryň ählisi Halmyradyň öz arzuwlaryna degişlidi. Biri uçar, biri tow berseň özi ýöräp gidýän tankjagaz...

Batyryň aýdym-saz gurnagyna gatnap başlanyny eşidende, Halmyrat hasam darykdy. «Neberämizde hiňlenip, iliň öňüne çykyp göreniň bolanyny men-ä bilemok» diýip, aýaly Jemalyň ýanynda «hüňür-hüňür» etdi. Ahyrsoňam: «Aý, uzak gatnasam ýok-la» diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Batyryň dutar gurnagyndan çykanyny eşidende dagy, baý begenendir-ä. Ýöne Jemal: «Ol indi akkordeona gatnaýar» diýip, ne gözel habarynyň soňuny bulaşdyrdy oturyberdi.

Muhammet GURDOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.