Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen

19 Dekabr 2024
101

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn ösüş we özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň möçberli işler döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Olar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze durmuş-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda maglumatlar makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalary işläp taýýarlamakda örän möhümdir. Olar ilatyň demografik görkezijilerini, iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş derejesini, şonuň ýaly-da, milli hasaplary, maliýe-maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önüm yzygiderli artýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanylýar. Ähli pudaklara sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.