Serhetçi serkerdämize guwanýarys

18 Dekabr 2024
96

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň:¬«Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary tutumly işlere höweslendirmek, şol bir wagtda, olaryň sagdyn kemala gelmekleri bilen bagly ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän döredijilik, ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Merkeziň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda döwletimizde sportda we ýaşlaryň durmuşynda ýetilýän belent sepgitleri wagyz-nesihat etmek, olary halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşiginde uly leýtenant Furkatžan Matkurbanow hem üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmagy başardy. Geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijä Hormat haty we sowgatlar gowşuryldy.

Hangeldi HANOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň Hukuk kafedrasynyň uly mugallymy.