Üstünliklerimiziň sakasy

18 Dekabr 2024
87

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary arkaly bilim ulgamynda badalga berlen maksatnamalaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi hemmämizi guwandyrýar. Sebäbi bilim ulgamyndaky nusgalyk özgertmeler watansöýüji, belent ahlakly, zehinli, ukyply, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmegiň binýadyny berkidýär. Ulgamda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriň anyk hukuk resminamalaryna daýanmagy işleriň netijeliligini kepillendirýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi hem-de beýleki kanunçylyk namalary muňa subutnamalardyr. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bolsa şeýle hukuk resminamalarynyň üstüni ýetirdi. Bu resminama ýaş nesle bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Okuw işlerine ylmyň gazananlaryny, innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmak şeýle döwletli maksat-tutumlaryň aýrylmaz bölegidir.

Bilime bütin adamzadyň hem-de ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hökmünde mynasyp baha berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulgamda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde bilim işgärlerine uly ynam bildirýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň mugallymlara ýüzlenmek bilen, «Siziň döredijilikli zähmetiňiz biziň bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýen paýhasly sözleriniň çuňňur mazmunynda aýdyň ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärlerine şeýle derejede uly ynam bildirmegi, olaryň zähmetine ýokary baha bermegi ýöne ýere däl, sebäbi mugallymyň yhlasly, döredijilikli zähmeti ýaş nesliň köptaraply tebigy zehinini, ukybyny ýüze çykarmaga, ösdürmäge hem-de ony jemgyýetimiziň bähbitlerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda zehiniň heniz üsti açylmadyk genji-hazynadygyny, onuň gymmatynyň, öwüşgininiň döredijilikli işde görünýändigini nygtaýar. Ýaş nesliň zehininiň il-ýurt bähbitli döredijilikli işlerde ýüze çykmagynda biziň — bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şolara abraý bilen hötde gelmek bolsa biziň esasy maksadymyzdyr.

Täjigül ARAZOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy.