Türkmenabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramyny her ýyl üýtgeşik mähir we şadyýanlyk bilen garşylaýarlar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelleşen keşbi, aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri, owadan ýollary hem-de döwrebap seýilgähleri Täze ýyl baýramyna has-da gelşik berýär. Iň esasysy bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi dessine gözüňe ilýär. Baýramçylyk golaýlaşdygysaýyn özgerişlikler has-da ýakymly görünýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döredilýän gowulyklaryň bu günki gün ildeşlerimiziň ruhubelentliginiň baş çeşmesidigini hem şu ýerde aýdasyň gelýär.