Egnagaç

17 Dekabr 2024
109

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen gurallarydyr senetleriniň biri-de egnagaçdyr. Oba ýerlerinde wagtynda has-da ýörgünli bolan bu senedi türkmeniň çarwa hasaby boýunça gartaňlyk we garrylyk müçelerinde gezip ýören adamlar has-da oňat bilýärler. Halkymyzda orunlary hemişe törde bolan şol ýaşdaky mährem enelerimiziň haýsy biri bilen gürrüňdeş bolsaň: «Egnagajy häzirki ýaş-ýeleňler, ösdürimler bilmese bilmez welin, biz ýaş wagtlarymyz onuň bilen akar ýapdan, guýudan gatnap köp suw daşandyrys» diýip aýdýarlar.

Maşgala, hojalyk üçin gündelik zerur bolan suwy egniňde daşamak suwly gaby eliňde göterip daşandan ýeňil bolansoň, gelin-gyzlarymyz bu işde egnagajyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Ol iki metr uzynlykdaky çalarak egrelen agaç bolup, onuň iki ujunda halkasy bolupdyr. Egnagajyň her tarapyna bir suwly bedre, käbir ýagdaýlarda küýze we suw kädisi dakylyp egne göterilip suw daşalypdyr. «Egnagaç» adynyň şondan gelip çykandygyny hem wagtynda onuň hyzmatyndan peýdalanyp gelen enelerimiz aýdýarlar. Onuň bilen suw daşalanda egne goýulýan ýeri egne batmaz ýaly ýasy hem ýumşak daňy eilipdir. Käte şonuň ýerine deri hem daňylypdyr. Egnagaçda suw daşalanda, bir eliňi onuň öň tarapyndan üstüne taşlap edaly ýöremeli bolupdyr. Şonda ondan asylan gapdaky suw çaýkanyp dökülmändir.

Halykdurdy GARAŞOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.