Garly günleriň gündeliginden (Liriki oýlanma)

17 Dekabr 2024
113

Gyş! Ömrümiň gyşy! Belki, men şu günki gartaşyp, saçlarym çalaryp, hyýallarym ömür menzillerinde azaşyp, ömrümiň ak gyşyna golaýlan pursatlarymda bakylyk ýaly aklygy özüme ýakyn saýýandyryn?! Belki, dünýäniň manysy aklykda — ak gyşda, ak gardadyr. Haýsysy bolanda-da, parhy ýok. Maňa bu gün ak gyş — çagalyk döwrümizdäki ak garlarym, gar zyňşyp oýnan günlerim juda mähriban hem eziz...

Garly günlerdäki toýlarda uludan tutulan göreşler... Ol toýlaryň birinde ilkinji hem iň soňky gezek orta — märekäniň öňüne çykyp, göreş tutan pursatlarym. Şonda garşydaş ýigidiň islegi boýunça bir sagatdan soň, deňlige razylaşyp, göreşiň bekewülinden ýelýyrtan ýaglyk alanym hem-de ony «durmuşa pata ber» diýip, gyrada — ýaşulularyň içinde göreşe tomaşa edip oturan baýry pälwan Hudaýberdi murta aklyk berenim edil kino lentasy ýaly bolup, göz öňümde janlandy. Belki, şol aklyk maňa durmuş menzilleriniň ençeme synaglaryndan batyrgaý geçmäge goldaw-hemaýat berendir. «Garrylardan ak pata alyp ugran işiň oňuna bolýar» diýen ynanç maňa mydama-da güýç-kuwwat berdi.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.