Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi

16 Dekabr 2024
194

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ilki bilen, B.Amanow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».