Dekabryň şowhuny beýleki aýlara garanyňda has başgaça. Sebäbi bu aý diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem süýji ýatlamalara berlip, täze-täze umytlar bilen kalbyny doldurýan aýy. Heý, çagaka eline kagyzdyr galam alyp, isleg-arzuwlaryny ýazyp görmedik adam barmyka?! Täze ýylda Aýazbabanyň geljegine ynam bildirip, arzuwly hatlary oňa ýollamak üçin arçanyň ýa ýassygyň aşagyna salyp goýmadygymyzam ýok bolsa gerek. Ýatmazyňdan öň ýassygyň aşagynda goýan arzuw-islegden doly hatjagazyň irden oýananyňda ýokdugyna begenip, emma Aýazbabany görüp bilmedigiňe gynanyp geçiren günleriňi hakydaňda janlandyryp, ýylgyrýaň. Ýazan hatlaryň mazmuny ýadyňa düşmese-de, her ýyl alan sowgatlaryňy ýatlap begenýäň.