Döwrebaplyk, kämillik we özgerişlik

6 Ýanwar 2021
2300

Her ýylyň ýanwar aýynda, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlary, usuly-amaly okuwlary guramaklyk biziň welaýatymyzda-da asylly däbe öwrüldi. Ynha, düýn hem welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar astynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, orta mekdepleriň okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň birsyhly kämilleşdirilýändigini, şonuň esasynda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň düýpli gowulandyrylýandygyny buýsançly nygtadylar. Şonuň bilen bir hatarda barha batly depginde ösýän, özgerýän jemgyýetimiz bilim işgärleriniň öňlerinde has-da döredijilikli, täzeçil usulda işlemek wezipesini goýýar. Hususan-da, dünýä tejribesinden giňden peýdalanmak arkaly bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, okatmakda ýokary tehnologiýaly enjamlardan has-da işjeň peýdalanmak wajyp wezipe bolup durýar. Mekdep okuwçylaryny ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak hem döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Ine, maslahatda çykyş edenler öňde durýan şu derwaýys wezipelere aýratyn ünsi çekdiler. Badalga alan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dana pederlerimiziň miras galdyran ýol-ýörelgelerine wepaly ýaş nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy maksady bolar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.