Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleri hem Budapeşte geldiler. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym duşuşygy açyp, ýygnananlara geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.